20-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan Beýik Britaniýanyň “Fitch Ratings” agentliginden halkara reýtingi almak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 16-njy iýunynda ýurdumyzyň bu bankyna “BB- durnukly” reýting derejesiniň kesgitlenendigi baradaky hoş habaryň gelip gowşandygy aýdyldy. Agentligiň maglumatynda Türkmenistanyň maliýe durnuklylygynyň ýokary derejesi we uly möçberde ätiýaçlyk serişdeleriniň bardygy bellenilýär. Şunuň bilen birlikde, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň maliýe-bank işjeňligi gowy bahalandyrylyp, tölege ukyplylygynyň ýokary derejesi beýan edilýär hem-de onuň maliýe serişdeleri boýunça ýurdumyzyň iri banklarynyň biridigine üns çekilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halkara maliýe derejesini berkitmek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. “Ýakynda «Fitch Ratings» agentligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna «BB- durnukly» reýting derejesiniň kesgitlenilmegi bolsa ýurdumyzyň maliýe taýdan durnuklylygyny görkezýär” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we wise-premýere döwletimiziň daşary ykdysady işini has-da ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi