2025-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşygy geçirildi. Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy resmi sapar bilen Aşgabada geldi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Ministrler iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda yzygiderli we ynanyşmaga esaslanýan gepleşikleriň döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini aýratyn nygtadylar.
Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň çuňlaşmagynda ýokary derejedäki konstruktiw gatnaşyklaryň möhüm ähmiýete eýedigini belläp geçdi.
Şunuň bilen baglylykda, Ministr Lawrow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşmak maksady bilen amala aşyran saparynyň ähmiýetine ünsi çekdi.
Şeýle hem, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna sapar bilen baryp, “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” atly XVI Halkara ykdysady forumyna gatnaşmagynyň möhüm ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän syýasy geňeşmeleriň gün tertibi boýunça pikir alyşdylar.
Şeýle-de, sebit we halkara gün tertibi bilen baglanyşykly meseleler boýunça giňişleýin pikir alyşmalar geçirildi. Taraplar Türkmenistanyň we Russiýanyň halkara we sebit derejesindäki köptaraplaýyn guramalarda, şol sanda BMG, GDA, Hazar “bäşligi” hem-de “Merkezi Aziýa – Russiýa” formatlarynda hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini bellediler.
Duşuşykda şeýle hem söwda-ykdysady we medeni-gumanitar hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025–2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Maksatnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi