2025-nji ýylyň 24-nji iýunynda Bangladeş Halk Respublikasynyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow Bangladeşiň Ilçisi Ykbal Huseýn Hanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda türkmen tarapy, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Bangladeşiň Prezidenti Mohammad Şahabuddiniň adyna şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) gatnaşmak üçin iberen resmi çakylyk hatyny gowşurdy.
Ilçi Ykbal Huseýn Han çakylygy minnetdarlyk bilen kabul edip, öz ýurdunyň durnukly ösüş we sebitleýin integrasiýa meseleleri boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
Bu duşuşyk iki ýurduň arasyndaky netijeli gepleşikleri işjeňleşdirmäge we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge bolan özara gyzyklanmalarynyň subutnamasy boldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi