Balkan welaýatynyň Zähmet
we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Magtymguly etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2025-nji
ýylyň 1-nji iýulynda Magtymguly etrabynyň
Durdyhan ýanyk köçesiniň 7-nji jaýynda sagat 09:00-dan 11:00-a çenli
boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň,
edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky
maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün
etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän
raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet
depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä
gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy:
Magtymguly etrabynyň Durdyhan ýanyk köçesiniň 7-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin:
+993222 60867;
+993222 63652;
+993248
40420;
+993248
41204.