Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2025-nji ýylyň 10-njy iýulynda Murgap etrabynyň Medeniýet
bölüminde sagat 10:00-dan 12:00-a çenli
aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar
berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň,
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy,
eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen
agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy: Murgap etrabynyň Gökdepe geňeşliginiň Ýyldyzhan köçesiniň
5-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
800565-4-51-94;
800565-4-51-96.
Okamak