2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Azerbaýjan Respublikasynyň resmi adamlary garşyladylar. Söhbetdeşler dostlukly ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berdiler.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň “Zagulba” köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady.
Bilelikde Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasyndan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Azerbaýjanyň prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi.
Prezident Ilham Aliýew Milli Liderimizi mähirli mübärekläp, Azerbaýjana sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de iki halky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny, respublikalaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýändiklerini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, prezident Serdar Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjana sapar bilen gelmäge çakylyk hem-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň Prezident Ilham Aliýewe iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki Azerbaýjana saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge, gazanylan sepgitleri berkitmäge, şeýle hem täze ugurlarda taslamalaryň durmuşa geçirilmegine itergi bermäge gönükdirilendigini belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri döwletara gatnaşyklaryň häzirki derejesini häsiýetlendirip, onuň doganlyk, goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk ruhuna laýyk gelýändigini nygtady.
Halk Maslahatynyň Başlygy syýasy-diplomatik gatnaşyklar barada aýdyp, dünýä we sebit meseleleri boýunça ýurtlarymyzyň garaýyşlarynyň meňzeşdigini ýa-da gabat gelýändigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda prezident Serdar Berdimuhamedowy 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky teklibini ilkinji bolup goldandygy üçin azerbaýjan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, iki ýurduň üstaşyr ulag taslamalarynyň sebit üçin möhüm ähmiýetini belledi.
Özara haryt dolanyşygynyň ýylsaýyn artmagy, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigi söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklaryň hem netijeli häsiýete eýedigini görkezýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iki halkyň hem gadymdan gelýän halyçylyk sungatyny asyrlaryň dowamynda sünnäläp, şu günlere çenli ýetirip gelendiklerini belledi. Şeýle-de türkmen we azerbaýjan halklarynyň bedewlere uly sarpa goýýandyklaryna, özboluşly atşynaslyk, seçgiçilik däplerini dowam etdirýändiklerine ünsi çekdi.
Milli Liderimiz şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň arasynda duşuşygyň hem geçiriljekdigini aýtdy we onuň ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sport ulgamynda tejribe alyşmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Sözüniň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow şu saparyň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagynyň, hyzmatdaşlygyň uzak möhletli strategiýasyny durmuşa geçirmek babatda ylalaşylan çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň möhüm şertine öwrüljekdigine ynam bildirdi hem-de Prezident Ilham Aliýewi özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Gepleşikler tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa we Geýdar Aliýew adyndaky gaznanyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi