18-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Türkmenistanda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça 2025 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmak, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak, adamyň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, bu ugurda netijeli we toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň hem-de Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine meýilnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi