Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň täze bellenen Ilçisini kabul etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ji Şumini kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

Ilçi Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny ýetirdi. Hytaýyň wekili ýurduň Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýändigini we iki ýurduň gatnaşyklarynyň ösüşine uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ji Şumini täze wezipä bellenmegi bilen gutlady we Hytaýyň Türkmenistanyň iň möhüm strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutany soňky ýyllarda iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň täze derejä çykandygyny, muny bolsa özara saparlar we hökümetara gepleşikleriň anyk görkezýändigini aýtdy.

Ykdysady ugurda Hytaý Türkmenistanyň esasy söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşydyr. Türkmenistan–Özbegistan–Gazagystan–Hytaý gaz geçirijisi ýangyç-energetika ulgamyndaky üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň Astanada geçirilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” ikinji sammitiniň çäklerindäki duşuşygyna aýratyn üns berildi. Şol duşuşykda taraplaryň köpugurly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ygrarlydygy tassyklandy.

Şeýle hem Türkmenistan «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasynyň we Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň mundan beýläk-de utgaşdyrylmagyny goldaýar.

Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şunda ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär.

Ilçi iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň