Türkmenistanyň wekiliýeti 24–26-njy iýul aralygynda Altaý Respublikasynyň Gorno-Altaýsk şäheriniň golaýyndaky «Manžerok» dag lyžaly dynç alyş merkezinde geçirilen halkara ekologiýa konferensiýasyna gatnaşdy. Türkmen wekilleri ýedi döwletiň - Russiýanyň, Ermenistanyň, Belarus Respublikasynyň, Gyrgyzstanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň - wekilleri bilen bilelikde Ýewraziýa yklymynda tebigaty goramak bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Myhmanlary garşylamak dabarasy Altaýyň ýerli halklarynyň hem-de rus medeniýetiniň däplerine laýyklykda guraldy.
Gün tertibine laýyklykda, konferensiýa tebigaty goramak bilen bagly birnäçe möhüm ugurlary öz içine aldy. Oňa gatnaşyjylar howanyň üýtgemeginiň suw serişdelerine edýän täsiri we onuň ýaramaz täsirlerini azaltmak boýunça çäreler, aýratyn goralýan tebigy ýerleri gorap saklamak, serhetara goraghanalaryň we milli tebigy seýilgähleriň ulgamyny ösdürmek, şeýle hem ekologiýa ulgamlaryna adam täsiriniň kadalaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
«Ekologiýa kynçylyklary: durnukly ösüşe tarap» atly umumy mejlisiň dowamynda ýurtlaryň wekilleri öz ýurtlarynyň ekologiýa gün tertibini hem-de döwlet derejesinde durmuşa geçirilýän tebigaty goramak syýasatyny beýan etdiler.
Konferensiýanyň çäklerinde «Dünýäniň suw deňagramlylygyny nädip saklamaly?» atly ministrler duşuşygy we serhetara ekoturizmi ösdürmek hem-de degişli ugurlary düzmek meselelerine bagyşlanan tematik maslahat geçirildi. Oňa gatnaşyjylar aýratyn ünsüni dürli ýurtlaryň dag sebitlerinde, şol sanda Türkmenistanda ýaşaýan gar gaplaňyň populiýasiýasyny gorap saklamaga gönükdirilen biodürlüligi goramak meselesine berdiler.
Forumyň dowamynda ekologiýa bilen baglanyşykly meseleler boýunça tejribe alyşmagyň we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çeşme: «Altyn asyr» elektron gazeti