Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 31-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Taýland Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aşgabatdaky diplomatik missiýasyny tamamlaýan Apirat Sugondhabhiriň (oturýan ýeri Ankara ş.) arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistan bilen Taýland Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ösüş derejesine oňyn baha berdiler.
Halkara guramalarynyň, hususan-da BMG-nyň çäginde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligi bellenildi. Bu babatda, türkmen tarapy, ýakyn günlerde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň taýýarlyk görmekde Taýlandyň goşandyny nygtady.
Diplomatlar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny berkitmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, taýland tarapyndan iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmaga isleg beýan edildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi