Türkmenistan we Katar ynsanperwer gaznalaryň arasynda özara hyzmatdaşlyga seretdiler

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet sekretary Marýam bint Ali Al-Misned bilen duşuşdy.

Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti halkara maslahatyň işine işjeň gatnaşandygy üçin Marýam bint Ali Al-Misnede hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä mähirli salamyny beýan etdi.

Myhman ýokary derejeli halkara maslahata gatnaşmagyň özi üçin belent mertebedigini aýtdy hem-de forumyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň tagallalaryny birleşdirmekde nobatdaky möhüm ädim bolandygyny belledi. Pursatdan peýdalanyp, Marýam bint Ali Al-Misned türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny bildirdi. Şeýle-de ol Awazanyň gözel keşbi barada aýdyp, bu ýerde döredilen mümkinçilikleriň dünýä nusgalykdygyny belledi.

Taraplar ynsanperwer gaznalaryň arasynda özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň möhümdigini bellediler.

Duşuşygyň barşynda myhman Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halkara derejeli möhüm forumyň geçirilmeginiň taryhy ähmiýetini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet sekretary Marýam bint Ali Al-Misned türkmen-katar gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Çeşme: "Altyn Asyr" elektron gazeti


Yza

Şeýle hem okaň