Türkmenistan Hazar deňziniň gününi dabaraly ýagdaýda belledi

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 12-nji awgustda Hazar deňzi güni dabaraly ýagdaýda bellendi.

Baýramçylyk çäreleriniň öňüsyrasynda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň “Hasyl” dynç alyş we saglyk merkezinde dürli sport görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi.

Awazadaky “Berkarar” myhmanhanasynda geçirilen “Hazar deňzi - dostluk we parahatçylyk deňzi” atly ylmy we amaly maslahat geçdi.

Maslahatyň öňüsyrasynda myhmanhananyň toplumynyň kabulhanasynda Hazar deňziniň tebigy gözelligine bagyşlanan we ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak pudagynda gazananlaryny görkezýän tematiki sergi geçirildi.

Maslahatyň açylyşy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çärä gatnaşyjylara iberen gutlag sözi bilen bellendi.


Çärä gataşyjylar öz çykyşlarynda Hazar deňziniň dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky roluna ünsi çekdiler. Kenarýaka döwletleriniň esasy ileri tutýan ugurlary, özara peýdaly ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, maýa goýum howasyny gowulandyrmak, ygtybarly aragatnaşyklary üpjün etmek, ýokary girdejili we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary çekmek üçin amatly şertleriň döredilmegi mälimdir. Bu nukdaýnazardan, Hazar deňzi sebitdäki halklaryň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen köp sanly halkara taslamalarynyň möhüm bölegi bolup durýar.

Hazar deňzi güni maksatnamasynda medeni çäreler hem bardy - myhmanlar üçin Awaza milli syýahatçylyk zolagy bilen tanyşlyk gezelençleri guraldy.

Şeýlelikde, Hazar deňziniň hormatyna geçirilen dabaralar planetamyzyň bu täsin tebigy “merjenini” gorap saklamak ugrunda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýene bir basgançagyna öwrüldi.

Çeşme: “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti


Yza

Şeýle hem okaň