Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowa Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeni guramasy (ÝUNESKO) bilen köp ugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna oktyabryn 30-dan noýabryn 13-ne çenli Samarkant şäherinde geçiriljek ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji mejlisine ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagy baradaky teklip hödürlenildi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň goldaw bermeginde Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNESKO-nyň arasynda baglaşylan Çarçuwaly ylalaşyk boýunça döredilen maksatlaýyn gaznanyň çäklerinde birnäçe taslamalary bu gaznanyň hasabyna maliýeleşdirmek teklip edilýär. Şolaryň arasynda «Biziň mirasymyz»; «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk»; Türkmenistanda geoseýilgähi döretmek; gadymy Amul galasynyň goragyny berkitmek ýaly taslamalar bar.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagta çenli bu gurama bilen özara gatnaşyklaryň halkara hukuk binýadyny berkitmegiň çäklerinde Türkmenistan ÝUNESKO-nyň jemi 15 sany halkara hukuk resminamasyna goşuldy. Bu resminamalardan gelip çykýan milli borçnamalara laýyklykda, milli we köptaraplaýyn hödürnamalaryň çäklerinde maddy däl hem-de taryhy-medeni, tebigy obýektleriň ençemesi ÝUNESKO-nyň abraýly sanawlaryna girizildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen netijeli gatnaşyklary dowam etdirmek maksady bilen taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Çeşme: “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti