Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde 20-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini hem-de ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny ýokary derejede geçirmek boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlise Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň gün tertibi boýunça, hususan-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek bilen bagly soraglar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça çykyş etmek üçin degişli ýolbaşçylara söz berdi. Çykyş eden ýolbaşçylar Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Halk Maslahatynyň Başlygy mejlisde 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumyny hem-de beýleki çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin düýpli taýýarlyk görmegiň wajypdygyna hem ünsi çekip, bu çäreleri talabalaýyk guramak boýunça öňde duran wezipeler we ýerine ýetirilmeli işler barada durup geçdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň