Türkmenistanyň Prezidenti «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdymuhamedow «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

“Bagtyýar çagalygyň, iň süýji arzuwlaryň, belent maksatlaryň hasyl bolýan ýurdy bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda durmuşymyzyň gül-gunçalary bolan çagalar döwlet tarapyndan aýratyn alada bilen gurşalýar. Çagalaryň şatlykly gülküleri ýurdumyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň häzirki we ertirki gününe bolan ynamyň iň ajaýyp güwäsidir. Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasat, şeýle hem ýörite maksatnamalar çagalaryň doly derejeli okamaklaryna, dynç almaklaryna, döretmeklerine, olaryň bilimli, ylymly, beden taýdan sagdyn, Watana wepaly şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda her ýylda geçirilmegi däbe öwrülen «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy hem bu ugurda amala aşyrylýan işleriň aýdyň görkezijileriniň biridir. Ýokary guramaçylyk derejesinde, giň gerim bilen ýaýbaňlandyrylan bu sergi-ýarmarkanyň döwrebap ekspozisiýalarynda çagalar we ýetginjekler üçin niýetlenen, ösüşe ýardam berýän oýunlaryň, neşir önümleriniň, okuw esbaplarynyň, egin-eşikleriň, sport, elektron harytlaryň we beýleki ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleriň dürli görnüşleri hödürlener. Şeýle hem sergi-ýarmarkanyň çäklerinde çagalar üçin dürli ugurlarda ussatlyk sapaklarynyň, bäsleşikleriň guralmagy, innowasion işläp taýýarlamalar, täzelikler bilen tanyşdyrylmagy, ene-atalar üçin geňeşmeleriň geçirilmegi bu çäräniň ähmiýetini has-da artdyrar”, - diýip yurdumyzyň Baştutany belledi.

“Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi hem ösüp gelýän ýaş nesiller hakynda hemmetaraplaýyn alada edilýändiginiň, halkymyzyň ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk ýörelgeleriniň dabaralanýandygynyň aýdyň güwäsidir.

«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkada ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň çagalar üçin önümleri öndürýän, hyzmatlary amala aşyrýan kärhanalaryna, okuw merkezlerine, halkara guramalara öz täze innowasion işläp taýýarlamalary, ýokary hilli önümleri we hyzmatlary bilen tanyşdyrmaga ähli mümkinçilikler dörediler. Bu sergi-ýarmarka çagalar üçin özboluşly baýramçylyk çäresine öwrüler, ussatlyk sapaklaryna, bäsleşiklere gatnaşmak arkaly başarnyklaryny artdyrmak üçin gyzykly we ajaýyp meýdança bolup hyzmat eder. Bu bolsa ata-babalarymyzyň iň gowy zatlary çagalara bermek, olary aýratyn üns we söýgi bilen gurşap almak ýaly däpleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýändiginiň, ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlarynyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmeklerine, saglygyna hem-de abadançylygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň beýanydyr” – diýip Hormatly Prezidentimiz belläp geçdi.

Çeşme: “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti


Yza

Şeýle hem okaň