21-nji awgustda Kuala-Lumpur şäheriniň Parlament binasynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi M.Maşalow bilen Malaýziýanyň Senatynyň Başlygy Senator Dato Awang Bemee Bin Awang Ali Basahynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar syýasy-diplomatik ugurda özara gatnaşyklaryň ösdürilmeginde parlamentara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de Malaýziýanyň Parlamentiniň parlamentara dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmegiň zerurdygy bellenildi. Şeýle-de, taraplar iki ýurduň parlamentarileriniň özara saparlaryny guramagyň we türkmen-malaý parlamentara dostluk toparlarynyň mejlisini geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellemek bilen, bu gatnaşyklary uzak möhletleýin we özara bähbitli esasda mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi