«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 22-nji awgustynda, mundan beýläk «taraplar» diýlip atlandyrylýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň duşuşygy geçirildi.
Taraplar üç döwletiň doganlyk halklarynyň taryhy we medeni umumylygyna esaslanyp,
üç ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de çuňlaşdyrmagyň olaryň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigine we parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirip,
syýasy, söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika, ekologiýa, medeni-ynsanperwer ulgamlarda we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga çalşylýandygyny belläp,
esas goýujy halkara hukuk ýörelgelerine we kadalaryna, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda berkidilen ýörelgelerdir kadalara eýerýändiklerini tassyklap, aşakdakylar barada beýan edýärler:
1. Taraplar öz döwletleriniň halklarynyň köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara goldaw bermek gatnaşyklarynyň ruhunda strategik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga uzak möhletleýin ugruň mizemezdigini tassykladylar. Üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmäge, sebit we ählumumy derejede ynanyşmagy, özara düşünişmegi berkitmäge hyzmat etjekdigi barada bir pikir beýan edildi.
2. Taraplar ýokary we iň ýokary derejede ysnyşykly gatnaşyklary, üç ýurduň arasynda daşary syýasy ugur boýunça hyzmatdaşlygy saklamagyň, häzirki döwrüň howplaryna hem-de wehimlerine garşy bilelikde göreşmek babatda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhümdigini bellediler.
3. Taraplar halkara guramalaryň, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy dowam etdirmegi ylalaşdylar.
4. Taraplar deňhukuklylyk, özara peýda we birek-biregiň bähbitlerini hasaba almak ýörelgeleri esasynda ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň we berkitmegiň ileri tutulýandygyny nygtadylar. Taraplar öz döwletleriniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly şertleri döretmegiň zerurdygy barada umumy pikiri beýan etdiler. Taraplar üç ýurduň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän özara ulag baglanyşygyny berkitmek, bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamak we amala aşyrmak boýunça iş ýüzündäki hereketleri çaltlandyrmak ugrunda çykyş etdiler.
5. Taraplar önümçilik we senagat kooperasiýasyny ösdürmäge üns berdiler hem-de dokma, himiýa, gurluşyk pudaklarynda we beýleki pudaklarda bilelikdäki kärhanalary döretmek arkaly uzak möhletli özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar.
6. Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary höweslendirmäge gönükdirilen işe goldaw bildirdiler hem-de öz döwletleriniň işewürler toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary, şol sanda ony üç döwletiň çäklerinde sergileri we işewürlik maslahatlaryny geçirmek arkaly işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar. Taraplar üç ýurduň halklarynyň arasynda dostlugy pugtalandyrmak üçin saparlary guramak, bilelikdäki çäreleri geçirmek arkaly üç döwletiň sebitleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de giňeltmäge aýratyn üns bererler.
7. Taraplar energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar.
8. Üç ýurduň ulag we logistika ulgamyndaky uly mümkinçiligini belläp, şeýle hem olaryň üstaşyr mümkinçiliklerini peýdalanmak maksady bilen, taraplar Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan ugry boýunça we yzyna multimodal gatnawlary işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, üç ýurduň ygtyýarly edaralary tarapyndan gol çekilen ulag-logistika hyzmatdaşlygy babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň ähmiýeti nygtaldy.
9. Taraplar ulag-kommunikasiýa üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek, ulag gatnawlaryny utgaşdyrmak, bu işleri guramagyň şertlerini ýönekeýleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, bilelikdäki iş toparyny döretmegi goldaýarlar.
10. Taraplar ýurtlaryň arasynda howa gatnawlaryny, işewürligi we syýahatçylygy ösdürmegiň ähmiýetlidigini bellediler. Munuň özi ýük we ýolagçy gatnawlaryny artdyrmaga ýardam berer.
11. Taraplar howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerini azaltmak we oňa uýgunlaşmagy gazanmak, ekologik töwekgelçiliklere garşy göreşmek, biologik dürlüligi gorap saklamak, daşky gurşawy goramak babatda umumy taslamalary we maksatnamalary ilerletmek, sebit we halkara derejede üç ýurduň umumy bähbitlerine laýyk gelýän bilelikdäki başlangyçlary öňe sürmek meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň möhümdigini bellediler.
12. Taraplar degişli döwlet düzümleriniň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, barlag merkezleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, medeniýet we sungat işgärleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ähmiýetini nygtap, medeni-ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar olaryň döwletleriniň we halklarynyň arasynda dostlugy hem-de hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygyna pugta ynam bildirdiler.
Çeşme: “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti