“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongres merkezinde 22-nji awgustda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşygyň çäginde resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Onuň çäklerinde “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň arasynda halkara howa gatnawyny mundan beýläk-de ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Arkadag şäheri (Türkmenistan) bilen Fizuli şäheriniň (Azerbaýjan Respublikasy) arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda gämi gurluşygy babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda raýat awiasiýa pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy bilen «Özbek respublikan haryt-çig mal biržasy» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda ulag-logistika hyzmatdaşlygy babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Çeşme: “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti