Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen bilelikde geçirilen üçtaraplaýyn ýokary derejeli duşuşygynyň hormatyna medeni çärä gatnaşdylar.
Bu ýerde guralan dabara Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy bilen 2007-nji ýylda döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary bilen başlandy.
Soňra, Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşandyklary we geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça oňyn çözgütleriň kabul edilmegini we ylalaşyklaryň gazanylmagyny goldandyklary üçin çuňňur minnetdarlygyň nyşany hökmünde belent mertebeli myhmanlara hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Ilki bilen, Prezident Ilham Aliýewe sahawatly toprakda ösdürilip ýetişdirilen Akýal mele reňkli Tawus atly ajaýyp ahalteke bedewi gowşuryldy, doganlyk Özbegistanyň Baştutany Şawkat Mirziýoýewe bolsa körpe köşekli arwana düýäniň sowgat berilýändigi yglan edildi.
Munuň özi häzirki döwürde ýurdumyzda paýhasly pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden we dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan ýagşy dessurlarynyň häzirki döwürde dowam etdirilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Çeşme: “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti