Aşgabatda 25-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Günbatar Aziýa ýurtlary we Owganystan boýunça Pakistanyň DIM-niň Goşmaça sekretary Saýed Ali Asad Gillaniniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar halkara we sebit düzümleriň çägindäki hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetine ünsi çekip, Türkmenistan bilen Pakistanyň özara gyzyklanma bildirýän ugurlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň gün tertibinde aýratyn orny eýeleýändigini bellediler.
Söhbetdeşler iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky işjeň dialogyň möhümdigini bellediler we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.
Duşuşykdan soň taraplar Türkmenistan bilen Pakistanyň, şeýle hem sebitiň ýurtlarynyň arasynda ulag we energetika arabaglanyşygyny ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi