Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Moldowanyň Prezidenti Maýýa Sanduwа we ýurduň ähli halkyna respublikanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Maýýa Sanduwа berk jan saglyk, bagtyýarlyk, dostlukly ýurdyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.
Çeşme: “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti