Türkmenistan dokma önümlerini Ýaponiýanyň bazaryna getirmegi meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 30-njy awgust -3-nji sentýabr aralygynda Ýaponiýanyň Osaka we Tokio şäherlerine iş saparyny amala aşyrdy.

Saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýanyň söwda we dokma senagaty pudagynda işleýän guramalary we kompaniýalary bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi.

Tokio şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy, «ITOCHU» korporasiýasynyň Direktorlar geňeşiniň agzasy, Ýerine ýetiriji wise-prezidenti, Maşynlary we enjamlary öndürmek boýunça kompaniýasynyň prezidenti H.Tsubaý bilen duşuşyk geçirildi. Şeýle-de Nazar Agahanow Ýaponiýanyň Daşary söwda guramasynyň (JETRO) prezidenti N.Işiguro bilen hem duşuşdy.

Osaka şäherinde, «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň pawilýonynda türkmen wekiliýeti bilen Ýaponiýanyň «EKSPO-2025» assosiasiýasynyň Baş sekretarynyň orunbasary M.Içinokiniň duşuşygy geçirildi. Şeýle-de türkmen wekiliýeti «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisindäki Saud Arabystany Patyşalygynyň milli pawilýonynyň komissary, Katar döwletiniň milli pawilýonynyň direktory hem-de «Masui Co. Ltd» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Agzalan duşuşyklaryň çäklerinde taraplar ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistandaky mümkinçiliklerini, eksport-import gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerini hem-de türkmen dokma önümlerini ýapon bazaryna çykarmak boýunça başlangyçlary öňe sürmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

Çeşme: Türkmenustanyň Daşary işler ministrligi


Yza

Şeýle hem okaň