Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 10-njy sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň bilen duşuşyk geçirdi.
Taraplar Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 9-njy sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde işine başlan BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisiniň ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ähmiýetli halkara meýdança öwrülendigi bellenildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň öňümizdäki mejlisine degişli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna aýratyn orun berildi.
BMG-nyň döredilmeginiň 80 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görmek bilen baglylykda, türkmen tarapynyň ýurdumyzda meýilleşdirilen çäreleriň geçirilmegine ýardam bermäge taýýardygy beýan edildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi