Türkmenistanyň Prezidenti maýa goýum forumyna gatnaşyjylary gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň öz işine başlamagy bilen gatnaşylylary tüýs ýürekden gutlady.

“Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýän maýa goýum forumy ýurdumyzyň senagat kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlary çekmek, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan harytlaryň täze önümçiliklerini döretmek we bar bolanlarynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksatnamalary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, Awazada geçirilýän bu çäräniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sebitleri senagatlaşdyrmaga we durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmäge, pudaklara häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, sanly ykdysadyýet konsepsiýasyny işjeň durmuşa geçirmäge, maýa goýumlary çekmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn”, - diýip ýurdyň baştutany aýtdy.

“Ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek, ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, döwletimiziň baý tebigy we çig mal mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagy, dürli ugurlarda hususy ulgamyň önümçilikleriniň ösdürilmegi, innowasion tehnologiýalara esaslanýan pudaklara, döwrebap senagat we önümçilik taslamalaryna goýulýan maýa goýumlaryň möçberiniň artdyrylmagy bilen bagly bolup durýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýä döwletleri, halkara guramalar, şol sanda halkara maliýe we ykdysady guramalary bilen özara bähbitli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi Watanymyzyň maýa goýum kuwwatynyň artmagyna uly itergi berer”, - diýip hormatly Prezidentimiz belläp geçdi.

Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara we myhmanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti


Yza

Şeýle hem okaň