Aşgabatda 22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Hançžou şäheriniň Halk hökümetiniň Baş sekretarynyň orunbasary Sýuý Sinşanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Gepleşikleriň dowamynda sebitara gatnaşyklary ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ýollaryny, şeýle hem innowasiýalar, emeli aň we ýokary tehnologiýalar ulgamynda, şol sanda «akylly şäher» taslamalaryny we şäher infrastrukturasyna innowasion çözgütleri durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki taslamalaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda esasy garalan meseleleriň biri ylmy-bilim gatnaşyklaryny ösdürmek boldy. Türkmen tarapy Hançžounyň Dýanszy Uniwersiteti bilen ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi