Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1-njy oktýabrda ýaşululary we ýurdyň raýatlaryny Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
“Ýaşululara hormat-sarpa goýmak, olaryň mertebesini belende götermek, döwletli tutumlarda ýaşuly nesle sala salyp, pikir-garaýyşlaryny diňlemek türkmen halkynyň müňýyllyklardan miras galan iň asylly ýörelgeleriniň biridir. Ata-babalarymyzyň üstünlikli dowam etdirilýän şu ýörelgesinden ugur alyp, dünýä bileleşigi bilen birlikde, parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Watanymyzda hem Ýaşulularyň halkara güni ýokary ruhubelentlikde bellenilýär. Gymmatly öwüt-ündewleri, maslahatlarydyr nesihatlary bilen milli agzybirligimizi, jemgyýetimiziň jebisligini has-da pugtalandyrmaga, Watanymyzyň daýanjy bolan bagtyýar ýaşlarymyzy watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýan ýaşulularymyza çäksiz hormatyň nyşany hökmünde Aşgabat we Arkadag şäherlerini, tutuş ýurdumyzy gurşap alýan aýdym-sazly dabaralary hem-de baý many-mazmunly medeni-jemgyýetçilik çärelerini geçirýäris. Bu bolsa Ýaşulularyň halkara gününiň ähmiýetini has-da artdyryp, agzybirligimiziň, rowaçlyklarymyzyň, bagtyýarlygymyzyň esaslaryny düzýän milli ýörelgelerimizi dünýä ýaýýar, beýik geljegimiziň hatyrasyna täze üstünliklere hem-de belent sepgitlere ruhlandyrýar”, - diýip döwlet baştutanymyz aýtdy.
“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybirligimizi has-da pugtalandyrmakda, watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde jemgyýetimiziň ýaşuly nesliniň wekilleriniň aýratyn uly orny bardyr. Siziň parasatly wesýetleriňiz, öwüt-ündewleriňiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy ýürekden söýýän, ýokary ahlak häsiýetlerini, watansöýüjiligiň belent düşünjelerini özünde jemleýän, ynsanperwer ýörelgelerimize, asylly däp-dessurlarymyza ygrarly ogul-gyzlary terbiýelemekde özboluşly mekdepdir”, - diýip hormatly Prezidentimiz belläp geçdi.
Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryna berk jan saglyk, berkarar Watanymyzda abadan we bagtyýar durmuşyň hözirini görüp, uzak ýyllar ömür sürmegi arzuw etdi.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti