Şabat etrabynyň zähmet we ilatyň
iş bilen üpjünçiligi bölümi 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Şabat etrabynyň Şabat
şäheriniň Daşoguz köçesiniň 8-nji jaýynda ýerleşýän Şabat etrabynyň zähmet we
ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň edara binasynda 09:00-dan 13:00-a çenli aralykda boş iş
orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň,
edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky
maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün
etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň
bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet
depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä
gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy:
Şabat şäheriniň Daşoguz köçesiniň
8-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin:
(800348) 3-00-98
Okamak