Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew 3-nji oktýabrda hökümetiň mejlisinde gözegçilik edýän toplumynda 2025-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.
Şeýle hem, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň Altyn asyr, Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk we Gubadag, Lebap welaýatynyň Farap, Döwletli, Garabekewül, Mary welaýatynyň Oguzhan etrap häkimlikleri döredildi we olaryň işgär sany kesgitlenildi hem-de gurluşlary tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzda birnäçe täze etraplary döretmek barada Kararyň kabul edilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň käbir etraplaryna häkimleri we häkimleriň orunbasarlaryny wezipä bellemek barada taýýarlanan resminamalara gol çekendigini aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze bellenen ýolbaşçylara üstünlikleri arzuw etdi.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti