Hatyra gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine gatnaşdy. Bu gün 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolanlar hatyralanylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralap, «Ruhy tagzym» ýadygärligine gül çemenini goýdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de Watanymyzyň erkinligi, onuň bagtyýar geljegi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül çemenlerini goýdy.
Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri hem gül desselerini goýdular. Ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, talyplar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem olaryň göreldesine eýerdiler.
Hormatly Prezidentimiz bu gün ýurdumyzda Hatyra gününiň geçirilip, öten-geçenleriň ýatlanylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz öten-geçenleri hatyralap gül desseleriniň goýlandygyny belläp, berilýän sadakalaryň, edilýän doga-dilegleriň kabul bolmagyny dileg etdi.
«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirilen şu günki hatyra çäresi ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.
Hakyda halkymyzyň ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegidir. Ol nesilleriň arasyndaky özboluşly arabaglanyşyk bolup, adamlaryň watansöýüjilik we agzybirlik duýgularyny ösdürýär, olary has-da jebisleşdirýär.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti