"Danse Türkmenistan!" taslamanyň çäginde 22-nji sentýabrdan 3-nji oktýabr aralygynda Türkmenistandan üç tansçy - Allamurat Saparow, Röwşen Baýmuradow we Maral Hamragulyýewa Almatyda “Jolda Danсe Theatre” geçirilen medeniýetara tans çäresine gatnaşdylar.
Iki hepdeläp türkmen tansçylary ýerli hünärmenler bilen ussatlyk sapaklaryna gatnaşdylar we teatr we tans toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdylar.
Kuratoryň ýolbaşçylygynda türkmen tansçylary batyrgaý synaglary we halkara taslamalary bilen tanalýan Gazagystanyň tans topary bolan “Jolda Danсe Theatre” 3-nji oktýabrda bolup geçen soňky tomaşa üçin öz pikirlerini hasam kämilleşdirdiler.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti