Balkan welaýatynyň Zähmet
we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Türkmenbaşy
etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2025-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenbaşy
etrabynyň Türkmenbaşy şäherçesiniň Magtymguly köçesiniň 11-nji jaýynda Bilim
bölüminiň edara binasynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli
boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň,
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy,
eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen
agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň
geçiriljek ýeriniň salgysy: Türkmenbaşy etrabynyň
Türkmenbaşy şäherçesiniň Magtymguly köçesiniň 11-nji jaýynda Bilim bölüminiň
binasy.
Habarlaşmak üçin:
+993243 79936;
+993243 79937;
Okamak