Balkan welaýatynyň Zähmet we
ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Balkanabat şäheriniň zähmet we
ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2025-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Balkan
welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Atamyrat Annanyýaz ogly köçesiniň ugrunda
ýerleşýän Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň
Balkanabat köpugurly sport toplumynda, sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş
orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň,
edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky
maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün
etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini
tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini
tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy: Balkanabat şäheriniň Atamyrat Annanyýaz ogly köçesiniň ugrunda
ýerleşýän Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Balkanabat köpugurly sport
toplumy.
Habarlaşmak üçin:
+993222 28836;
+993222 28445;
+993222 28498.