Baýramaly etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2025-nji
ýylyň 14-nji oktýabrynda Baýramaly etrabynyň Medeniýet bölüminde sagat
10:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini
geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy,
eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen
agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Baýramaly şäheriniň
Garaşsyzlyk köçesiniň 17-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin:
800564-6-26-76;
800564-6-04-03.
Okamak