Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 12-nji oktýabrda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI we ýurduň ähli halkyna Ispaniýa Patyşalygynyň Milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Filipp VI tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Ispaniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti