Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 15-nji oktýabrda Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünlerini öndürýän täze toplumyň taslamasyny Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasy ýerine ýetirer. Täze toplumda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty öndüriler. Toplum ulanmaga berlenden soň, ýurdumyzyň himiýa senagatynyň kuwwatyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.
Türkmenistanyň himiýa senagaty hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda okgunly ösdürilip, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasynyň möhüm bölegine öwrülýär. Ýurdumyzyň ägirt uly tebigy baýlyklary pudagy çig mal bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Diňe çig mal eksporty bilen çäklenmän, ony çuňňur gaýtadan işlemegi ugur edinýän Türkmenistan döwrebap, ýokary tehnologiýaly hem-de bäsdeşlige ukyply himiýa senagatyny kemala getirýär.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti