Pekinda 16-njy oktýabrda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemlerine, şeýle hem Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahatda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Parahat Durdyýew giriş sözi bilen çykyş edip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň we dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ähmiýetini nygtady.
Çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň dowamynda öňe sürlen halkara başlangyçlarynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Şeýle hem oňyn bitaraplyk syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň parahatçylygy pugtalandyrmaga, gepleşikleri ösdürmäge we sebitleýin hem-de ählumumy durnukly ösüşe ýardam berýändigi nygtaldy.
Maslahata gatnaşyjylar şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň netijeleri bilen hem tanyşdyryldy.
Maslahatyň dowamynda çärä gatnaşanlara Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara forum barada hem maglumat berildi.
Çäräniň çäklerinde uly surat sergisi, maddy medeni mirasyna degişli gymmatlyklar görkezilen sergi hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky üstünliklerine bagyşlanan wideoýazgynyň görkezilişi guraldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi