“Türkmenistanyň nebiti we gazy - OGT 2025” 30-njy Halkara konferensiýasy we sergisi birnäçe günüň içinde Aşgabatda açylar. Şu ýylda çärä gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord goýuldy. Foruma 70 ýurtdan takmynan 1400 delegat hasaba alyndy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow foruma görülýän taýýarlyklar barada hasabat berýän wagtynda Türkmenistanyň Prezidentine habar berdi.
Bu maglumat, OGT 2025-iň Ýewraziýa sebitiniň taryhynda iň uly energiýa biznes platformalarynyň biri statusyny ýene bir gezek tassyklady. Forumyň Guramaçylyk komiteti ähli hyzmatdaşlara, hemaýatkärlere we gatnaşyjylara aýratyn goldaw we hyzmatdaşlygy üçin minnetdarlyk bildirdiler. Logistika, syýahat we utgaşdyryjy toparlar delegatlaryň Türkmenistanyň paýtagtynda iň amatly bolmagyny we OGT 2025-iň çärelerine gatnaşmagyny üpjün etmek üçin gije-gündiziň dowamynda işleýärler.
Aşgabadyň halkara howa menzilinde "Ýaşyl geçelge" ulgamy gurlar we hasaba alnan ähli gatnaşyjylar üçin çalt migrasiýa we gümrük taýdan resmileşdirilmegini üpjün ediler.
Türkmenistanyň myhmanlary Türkmen halysynyň milli muzeýine we Gadymy Nusaýyň binagärlik ýadygärligine baryp görerler. Mundan başgada golf ýaryşy guralar. Ol OGT 2025-iň gatnaşyjylarynyň arasynda resmi däl aragatnaşyk gurmaga mümkinçilik döreder.
Ýylyň esasy energiýa gepleşiklerine ýokary wekilçilikli spikerler topary gatnaşar. Olaryň arasynda - DEWA-nyň dolandyryjy müdiri we ENOC toparynyň başlygy Said Muhammet Al Taýer, S&P Global başlygynyň orunbasary we CERAWeek-iň başlygy doctor Daniel Ýergin, Halkara gaz birleşiginiň prezidenti Andrea Steger, Özbegistanyň Energetika ministri Jurabek Mirzamakhmudow, Azerbaýjanyň Energetika ministriniň orunbasary Orhan Zeynalow, PETRONAS-yň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Mohd Jukris Abdul Wahab, SOCAR-yň prezidenti Rowşan Najaf, , BOTAŞ-yň baş direktory Abdulwahit Fidan, ADNOC XRG-iň telekeçiligi ösdürmek boýunça başlygy Abdulla Al Şamsi dagylar bar.
OGT 2025-iň mowzuklary üç onýyllygyň hyzmatdaşlygyny we ösüşi alamatlandyrýan - "Energetika", "Innowasiýa" we "Ösüş" bolar.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektroniki gazet