Türkmenistanyň Halk Maslakhatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji oktýabrda Arkadag şäherine gelip, täze şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy teklip edilýän döwrebap desgalaryň şekil taslamalary hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, täze şäherde ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljek ýerine bardy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen we ýurdumyzyň ekologik derejesiniň has-da sagdynlaşmagynda möhüm ähmiýeti bolan ählihalk bag ekmek dabarasyna işjeň gatnaşygyň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi. Şunda bu künjegiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, yssy we sowuk howalara çydamly, elmydama ýaşyl öwüsýän bag nahallarynyň seçilip alynmagy möhüm talap hökmünde kesgitlenendir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyp, ýurdumyzyň ussat bagbanlarynyň ösdürip ýetişdiren türkmen arçasynyň nahallarynyň şu gezekki bag ekmek möwsüminde köpçülikleýin ekilmegini teklip edýändikleri barada hasabat berdiler.

Alym Arkadagymyz ilkinji gezek Arkadag şäherinde ekilmegi teklip edilýän türkmen arçasynyň ählihalk bag ekmek dabarasynda oturdylmagyny makullap, bag nahallary ekilenden soňra, olara agrotehniki kadalara laýyk gelýän ideg işleriniň yzygiderli ýola goýulmagy babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny we degerli maslahatlaryny berdi.

Soňra lukman Arkadagymyz täze şäheriň lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň gurluşyklaryny synlady. Önümçilik toplumynyň binalarynda alnyp barylýan işleriň, önümçilikde ulanylýan çig mallaryň ýokary hilli bolmagy, önümçilik galyndylarynyň talabalaýyk gaýtadan işlenilmegi möhüm talap bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde önümçilikleriň ýerli ilatyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyna täsirini ýetirmezden alnyp barylmalydygyna möhüm ähmiýet berilmelidigini aýtdy we bu babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz ikinji tapgyryň gurluşygynyň batly depginde alnyp barylýan ýerine gelip, bu ýerde şekil taslamalary bilen tanyşdy. Görkezilen şekil taslamalarynyň hatarynda Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň we awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş hem-de hasaba alyş gullugynyň binalarynyň, Arkadag şäherinde gurulýan muzeýiň içki bezeg işleriniň, onuň sergi bölümleriniň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bar.

Milli Liderimiz görkezilýän şekil taslamalaryny synlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Gahryman Arkadagymyz durmuş we önümçilik maksatly binalaryň ýanaşyk ýerleriniň ýokary derejede abadanlaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça durmuş maksatly, ýol-ulag düzümine degişli desgalarda we beýleki ugurlarda ulanylýan, halkara derejede ykrar edilen reňkleriň görnüşleri, olary ulanmagyň aýratynlyklary bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz ýaňy-ýakynda Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyryna badalga bermek üçin Owganystanda saparda bolan mahalynda owgan doganlarymyzyň — ýertitreme zerarly jaýsyz galan raýatlaryň hemaýata mätäçligi sebäpli haýyş bilen ýüzlenendiklerini belläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa bu babatda teklipleriň taýýarlanylmalydygyny aýtdy. Milli Liderimiz teklipleri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürläp, bu meselede Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen maslahatlaşyp, «Kyýamat güni goňşudan» diýlişi ýaly, owgan halkyna dostluk goluny uzatsak, hemaýatlarymyzy bersek maksadalaýyk bolar diýdi.

Gahryman Arkadagymyz şeýle edilse türkmen halkyna mahsus ynsanperwerlik ýörelgeleriniň we haýyrly işleriň goňşy halka goldaw bermekde öz beýanyny tapjakdygyna ünsi çekdi. Türkmen halky taryhyň dowamynda dünýä nusgalyk ýagşy dessurlary döredipdirler, olaryň häzirki döwürde dowam etmegi bolsa sogap işleriň dowamata atarylýandygyny görkezýär.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti


Yza

Şeýle hem okaň