Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 8-nji noýabrda watandaşlaryny we
edermen daýhanlary gaýratly zähmetiniň, bereketli türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna uludan tutulýan Hasyl toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Olara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ykdysadyýetiň oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
“Häzirki döwürde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, tohumçylyk işini kämilleşdirmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Guşçulygy we maldarçylygy ösdürmek, azyk bolçulygyny üpjün etmek, ýer we suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, daşky gurşawy goramak bilen bagly wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar. Agzybirlikde çekilen zähmetiň, pudagyň işiniň sazlaşykly ýola goýulmagy netijesinde şu ýyl gallaçy daýhanlarymyz Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrmagy başardylar. Guşgursak bugdaý hasyly mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir”, - diýip döwlet baştutanymyz aýtdy.
“Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösdürilmeginde öz tejribesini, bilimini we başarnygyny Watana hyzmat etmäge bagyşlan kärendeçileriň, pagtaçylaryň, gallaçylaryň, mehanizatorlaryň, alym-agronomlaryň, seçgiçileriň, bakjaçylaryň, bagbanlaryň we beýleki hünärmenleriň ýokary öndürijilikli işlemegi, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen baýamagy üçin mundan beýläk hem ähli şertler dörediler. Döwrebap oba hojalyk tehnikalary, enjamlardyr gurallar yzygiderli satyn alnar. Topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen ýeterlik üpjün ediler. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçiriler. Döwletimiziň döredýän mümkinçiliklerini, goldaw-kömeklerini, ýeňilliklerini ýakyndan duýup, halal zähmet çekmek üçin ähli tagallalar ediler. Türkmen daýhanynyň zähmetine mynasyp baha berilmegine aýratyn üns berler. Toprakdan bol hasyl almagy başarýan edermen daýhanlarymyza çekýän zähmetiniň hözirini görüp, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin geljekde-de döwletimiz tarapyndan ähli şertler dörediler”, - diýip hormatly Prezidentimiz belläp geçdi.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti