XVII Halkara «Türkmentel-2025» sergisiniň we ylmy maslahatynyň hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri» (ITTC) atly halkara maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew bilen Aragatnaşyk ulgamynda sebitleýin arkalaşygyň (ASA) Ýerine ýetiriji komitetiniň baş direktory Alekseý Borodiniň arasynda iş duşuşygy geçirildi.
Taraplar telekommunikasiýalary, sanlylaşdyrmagy ösdürmek we häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak ulgamynda özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryna seretdiler.
Bu duşuşyk sebitde maglumat-kommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda we tagallalary utgaşdyrmakda özara gyzyklanmany tassyklaýar.
Çeşme: Türkmenistanyň halkara habarlar merkezi