«Täjiktelekom» AGPJ-niň baş direktory Bahtowar Abdusattorzoda Aşgabatda geçirilen «Türkmentel-2025» atly XVII Halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşdy. Ol öz hasabatynda sanly transformasiýanyň we sebitleýin integrasiýanyň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Çykyşyň esasy mowzugy sanly dünýä şertlerinde özara baglanyşykly pudaklaryň ösüşi boldy. Bahtowar Abdusattorzodanyň pikiriçe, bu işler hususan-da bilim ulgamyndaky transformasiýa gönüden-göni täsir edýär. Sanlylaşdyrmagyň netijeli logistika ulgamlaryna we döwletiň häzirki zaman tehnologiki enjamlaryna durnukly içerki elýeterliligi üpjün etmek üçin örän möhüm bölegidigi bellenildi.
Şeýlelik bilen, «Täjiktelekomyň» ýolbaşçysy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary infrastrukturasynyň ösüşi bilen Täjigistanyň durnukly tehnologiki ösüşi saklamak mümkinçiliginiň arasyndaky gönüden-göni baglanyşyga ünsi çekdi.
Çeşme: Türkmenistanyň halkara habarlar merkezi