Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 12-nji noýabrda Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministri Peter Siýarto bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Telefon söhbetdeşliginde syýasy, söwda, ykdysady, medeni we gumanitar ugurlar boýunça türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň häzirki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýokary derejeli aragatnaşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine goşant goşýandygy nygtaldy.
Şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Forumynyň taýýarlanmagyna aýratyn üns berildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi