Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 13-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Taraplar türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny hem-de ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki doganlyk ýurduň arasyndaky syýasy dialogyň ýokary derejesi we strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge bolan ygrarlylyk aýratyn nygtaldy.
Türkmenistanyň we Türkiýäniň halkara we sebit düzümleriniň, ilkinji nobatda BMG-niň hem-de Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň oňyn tejribesi bellenildi.
Şeýle hem taraplar şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi