Türkmenistan ulag geçelgelerinde strategik orun eýeleýär – AÖB wekili

Aşgabatda 12–14-nji noýabr aralygynda «Türkmentel – 2025» atly XVIII halkara sergi we ylmy maslahat hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly halkara maslahat we sergi geçirilýär.

Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrysýak ulag forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet we hususy düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi barada maglumat berdi.

«AÖB Türkmenistan bilen ösüş ugryndaky hyzmatdaşlygyna buýsandyrylýar. Biz bu ýerde 25 ýyldan gowrak wagt bäri iş alyp barýarys we ýurduň ösüş maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna ýardam berýäris. Bank Türkmenistana sebitara baglanyşygy pugtalandyrmak, infrastrukturasyny ösdürmek, şeýle hem esasy institutlary we adam resurslaryny kämilleşdirmekde kömek edýär. Hyzmatdaşlygyň dowamynda AÖB ulag, energetika pudaklaryna hem-de saglygy goraýyş ulgamyna maýa goýumlaryny goýdy» – diýip, A.Andrysýak belledi.

Wekiliň aýtmagyna görä, häzirki wagtda AÖB Türkmenistanyň Hökümeti bilen demir ýol infrastrukturasyny güýçlendirmek we adam resurslaryny ösdürmek boýunça işleri dowam etdirýär. Ýakynda Türkmenistan bilen baglanyşykly infrastruktura taslamalary, şol sanda Aşgabatdaky lukmançylyk orta okuw mekdebiniň gurulmagyna degişli bilelikdäki ylalaşyklar baglaşyldy.

«Bu taslama saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine uly täsir ýetirýär we Türkmenistanyň umumy ösüşinde möhüm ähmiýete eýe» – diýip A.Andrysýak nygtady.

Wekilhananyň direktory Türkmenistanyň ulag geçelgeleriniň merkezinde strategik orun eýeleýändigini we AÖB-niň bu ulgamda taslamalary durmuşa geçirmäge goldaw berýändigini hem belledi.

«Bu ähmiýetli maslahatyň bir bölegi bolmak mümkinçiligi üçin guraýjylara hoşallyk bildirýärin. Men birnäçe ýyl bäri oňa uly gyzyklanma bilen gatnaşýaryn. Hususan-da, Türkmenistanyň “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ulag geçelgeleriniň merkezindäki strategik ornuny bellemek isleýärin. Ýurt ulag infrastrukturasyna işjeň maýa goýumlaryny goýýar, Aziýa ösüş banky bu işi goldaýar we geljekde hem Türkmenistana kömek etmegi dowam etmäge taýýardyr» – diýip A.Andrysýak aýtdy.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti


Yza

Şeýle hem okaň