Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 14-nji noýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde “Ylmy intellektual eýeçilik hakynda”, “Wirtual aktiwler hakynda”, şeýle hem hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer Batyr Amanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebiti we tebigy gazy gözlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, kuwwatly tehnikalaryň hem-de seýsmiki enjamlaryň, programma üpjünçilik ulgamlarynyň kömegi bilen türkmen geologlary tarapyndan tebigy baýlyklaryň ýerasty gorlaryny ýüze çykarmak boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilen seýsmiki-gözleg işleriniň netijesinde birnäçe gurluşlaryň ýüze çykarylandygy barada aýdyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, geljek ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Maldarçylyk hojalyklarynda mallary gyş paslynda dok we ýyly gyşlatmak boýunça degişli taýýarlyk işleri dowam edýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda paýtagtymyzyň medeni we ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalarynda, seýilgählerinde abatlaýyş we abadanlaşdyryş, olaryň daş-töwereginde dürli görnüşli agaç nahallaryny, bezeg güllerini ekmek işleri yzygiderli dowam edýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew şu ýylyň noýabr aýynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň mejlisini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer Bahar Seýidowa Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigini, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” bäsleşigini, zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigini yglan etmek meýilleşdirilýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewa Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini sylaglamak dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde 16-njy noýabrda Ýaşlar baýragynyň eýelerini yglan etmek we olary sylaglamak dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagyna hem-de Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, degişli toplumlaýyn işleriň geçirilýändigi aýdyldy. Nygtalyşy ýaly, Daşkent şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň gün tertibi döwletara hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny, şol sanda sebitde netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmalary öz içine alar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreler awtomobil ulag serişdelerinde işleriň guralyşyny kämilleşdirmäge, ýolagçylara hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga we onuň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga ýardam berer.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.


Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti


Yza

Şeýle hem okaň