Marokkonyň paýtagty Rabat şäherinde 14-nji noýabrda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi Mekan Işangulyýew Marokko Patyşalygynyň Daşary işler, Afrika hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlarda ýaşaýan marokkolylaryň işleri boýunça Ministri Nasser Burita Türkmenistanyň bu ýurtdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara şäheri) hökmünde ynanç hatlaryny gowşurdy.
Duşuşykda Türkmenistanyň we Marokko Patyşalygynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem taraplar şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi