Şu ýylyň 19-20-nji noýabry aralygynda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen “Modanyň Arkalaşygy” atly IV halkara foruma Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy, ýurduň GDA giňişliginde ynsanperwer ugurdaky işjeňliginiň aýdyň subutnamasy boldy. Wekiliýete Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça hyýar-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa ýolbaşçylyk etdi.
Forum beden we ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýelemek, ekologik bilim bermek we hemaýta mätäç raýatlara kömek bermek ýaly asylly maksatlar bilen döwletleriň we haýyr-sahawat guramalarynyň tagallalaryny birleşdirmegi maksat edinýär. Bu ynsanperwer ýörelge Türkmenistanyň çagalaryň durmuş hukuklaryny we bähbitlerini goramagy ileri tutýan döwlet syýasatyna doly laýyk gelýär.
Hyýar-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti forumynyň “Sagdyn bolmak modadyr” atly sessiýasynda çykyş etdi. Oguljahan Atabaýewa saglygy goramagyň häzirki zaman jemgyýetiniň möhüm meselesidigini we döwletiň, jemgyýetiň ösüşiniň esasy şertidigini nygtady. Türkmenistanda 1995-nji ýyldan bäri amala aşyrylýan “Saglyk” Döwlet maksatnamasy we “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” milli strategiýasy barada maglumat berildi. Ol Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyga we tejribe alyşmaga taýýardygyny tassyklady.
Oguljahan Atabaýewanyň Sankt-Peterburga sapary Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça hyýar-sahawat gaznasynyň halkara işiniň dowamy boldy. Ol forumyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, W.P.Filatow adyndaky Biomedisina tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça halkara gaznanyň prezidenti Ýekaterina Dibrowa, Russiýa Federasiýasynyň Jemgyýetçilik palatasynyň Durmuş hyzmatdaşlygy, howandarlyk we inklýuziw tejribeleri ösdürmek boýunça komissiýasynyň başlygynyň birinji orunbasary Diana Gurskaýa, «Georgin» gaznasynyň ýolbaşçysy Ýekaterina Rogožina dagylar bilen möhüm duşuşyklary geçirdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça hyýar-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Sankt-Peterburga amala aşyran iş sapary, Türkmenistanyň ynsanperwer ugra berýän ähmiýetini we 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň öňüsyrasynda Arkalaşykdaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan ygrarlylygyny tassyklady. Bu sapar türkmen-rus ynsanperwer hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy we çagalaryň saglygyny goramak boýunça bilelikdäki maksatlara ýetmekde täze mümkinçilikleri açdy.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti