Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli Aşgabatda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan nyşanly harytlaryň we sowgatlaryň baýramçylyk söwdasy başlandy.
Söwda meýdançalary harytlaryň giň görnüşlerini, şol sanda dürli azyk önümlerini hödürleýärler. Söwda nokatlarynda azyk önümlerinden başga-da sowgatlyk toplumlaryny, ýadygärlik sowgatlaryny, pul üçin gaplary, senenamalary we Täze ýyl baýramy üçin bezeg serişdelerini satyn alyp bolýar.
Baýramçylyk ýarmarkalary we göçme söwda nokatlary baýrama çenli işläp, raýatlarymyza özleri we ýakynlary üçin sowgatlary satyn almaga hem-de ýerli öndürijileri goldamaga mümkinçilik berer.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti