Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 11-nji dekabrda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan serginiň öz işine başlamagy bilen oňa gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady.
“Türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik däpleriniň özboluşly dabaralanmasy bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu serginiň ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýylynyň dowamynda ähli pudaklarda gazanan üstünliklerini beýan etmek bilen, garaşsyz ösüşiň ýolunda ykdysadyýetde, syýasatda, durmuş ulgamynda, medeni-ynsanperwer, ylym we tehnologik ugurlarda ýeten belent sepgitleriniň aýdyň güwäsine öwrüljekdigine berk ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belleýär.
“Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen döwlet hökmünde dünýäde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýan ýurt hökmünde ykrar edildi. Geçen 30 ýylyň dowamynda hemişelik Bitaraplyk berkararlygymyzy pugtalandyrýan, döwletimiziň daşary syýasy ugruny kesgitleýän möhüm gymmatlyga öwrüldi.
Ýurdumyzyň ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen tagallalary onuň halkara giňişlikdäki başlangyçlarynda öz beýanyny tapýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejedäki ýokary abraýynyň hem-de parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge goşýan uly goşandynyň ykrarnamasy hökmünde ata Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen döwlet hem-de milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda oňyn özgertmeler amala aşyrylýar.
Bedew bady bilen öňe barýan Bitarap ýurdumyz halkara ähmiýetli iri taslamalary öňe sürmek bilen, olary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Munuň özi Türkmenistanyň uzak möhletleýin we köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydygynyň aýdyň mysalydyr” diýip, hormatly Prezidentimiz Gutlagynda nygtaýar.
Döwlet Baştutanymyz sergä gatnaşyjylara berk jan saglygyny, halkara hyzmatdaşlygyň we dost-doganlygyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan belent maksatly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti