Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 17-nji dekabrda “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Birnäçe sagatdan soňra, Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Tokio şäheriniň Haneda Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.
Ýaponiýa şu gezekki sapary hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň dowamynda bu ýurda amala aşyrýan ikinji saparydyr. Mälim bolşy ýaly, aprel aýynda döwlet Baştutanymyz Ýaponiýa sapary amala aşyryp, onuň dowamynda “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabara gatnaşdy, şeýle-de ýokary derejedäki duşuşyklary geçirdi. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň milli pawilýony bu giň möçberli sergide ilkinji bolup açyldy we iň gelim-gidimli pawilýonlaryň biri boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş sapary dowam edýär.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti